Toyota we Honda suw joşgunlary sebäpli Tailanddaky zawodlarynyň işini wagtlaýyn togtatdy

03.10.2026, 14:439,350

Ýapon awtoöndürijileri Toyota we Honda awtomobil şaýlarynyň getirilmegini kynlaşdyran uly suw joşgunlary sebäpli Tailanddaky birnäçe zawodlarynyň işini wagtlaýyn togtatdy.

Honda kompaniýasy Praçinburi we Aýutthaýa welaýatlaryndaky kärhanalarynyň işini 2-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra çenli saklady. Kompaniýanyň Tailanddaky bölüminiň ýolbaşçysy Kodzi Iwanaminiň aýtmagyna görä, üpjün edijiler önümçilik üçin zerur bolan şaýlary, aýratyn-da, Çonburi we Raýong welaýatlaryndaky suw joşgunlary sebäpli getirip bilmedi.

Toyota kompaniýasynyň Tailanddaky bölümi Samutprakan we Çaçengsau welaýatlaryndaky üç sany gurnama sehiniň işini wagtlaýyn togtatdy. Mundan başga-da, kompaniýa özüniň Toyota Auto Works golçur kärhanasynyň ýygnama sehini ýapdy. Önümçiligiň saklanmagy wagtlaýyn bolup, häzirki wagtda öndüriji şaýlary getirmegiň başga ýollaryny gözleýär.

Tailandyň Senagat federasiýasynyň maglumatlaryna görä, awtomobil üpjünçilik zynjyryndaky we degişli pudaklardaky bökdençlikler zerarly çekilen ýitgiler 1,018 milliard bat ($30 million töweregi) boldy.

Ýurtdaky suw joşgunlaryndan 2,6 milliondan gowrak adam ejir çekdi, 40 adam heläk boldy. Ýagdaý möwsümleýin musson ýagynlarynyň netijesinde ýitileşdi. Üznüksiz ýagan çabgalar sebäpli ozal 26-njy sentýabrda Bangkokda betbagtlyk düzgüni girizildi. Tebigy betbagtçylyk, takmynan, 329 müň öý hojalygyna ýa-da 700 müň töweregi adama täsir etdi. 

Häzirki wagtda paýtagtda suw yza çekildi, ýöne birnäçe ýollar häzirem suw astynda galýar.