Lukmançylyk boýunça Nobel şöhle arkaly beýnini dolandyrmagy öwrenen alymlara berildi

Şu gün, 16:091,036
1 / 2

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy Karl Daýsserota, Peter Hegemanna we Georg Nagelä berildi. Alymlar bu baýraga «şöhle bilen dolandyrylýan ion kanallary we optogenetika ugrundaky açyşlary üçin» mynasyp görüldi diýip, Nobel komiteti habar berýär.

Laureatlar 12 million şwed kronyny (takmynan, $1,19 mln) deň paýlaşar.

Optogenetika şöhläniň kömegi bilen janly beýnidäki nerw öýjükleriniň işjeňligini dolandyrmaga, newrologiki we psihiki bozulmalaryň sebäplerine düşünmäge, neýron zynjyrlaryny öwrenmäge, şeýle-de gözi görmeýän adamlaryň görüş ukybyny dikeltmäge mümkinçilik berýär.

Alymlaryň açyşy neýronlaryň ýatlamalaryň, duýgularyň we özüňi alyp barşyň emele gelmegine nähili gatnaşýandygyny öwrenmäge kömek edýär.

Usulyň esasynda Hegemann we Nagel tarapyndan 2000-nji ýyllaryň başynda bir öýjükli hlamidomonada suwotularynda ýüze çykarylan kanalrodopsin belogy durýar. Gök şöhläniň täsiri astynda belokda kanal açylýar we ol arkaly öýjüge ionlar girip, elektrik impulsy döredýär. Alymlar bu belogyň beýleki öýjükleri hem şöhlä duýgur edýändigini anyklady.

Daýsserot kanalrodopsin genini alakalaryň nerw öýjüklerine oturtdy we gök şöhläniň kömegi bilen olarda nerw signalyny döretmegi başardy. Ol öz işiniň netijelerini 2005-nji ýylda neşir etdi, iki ýyldan soň bolsa bu «düwmäni» diri syçanlaryň beýnisinde işlemäge mejbur etdi.

Geçen ýyl baýragy «periferik immunologik tolerantlyk» diýlip atlandyrylýan ugurdaky açyş üçin amerikaly alymlar Meri E.Brankowa, Fred Ramsdella we ýaponiýaly Şimon Sakaguçä berildi.

Lukmançylyk we fiziologiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleriniň yglan edilmegi, adatça bolşy ýaly, Nobel hepdeligini açýar. 6-njy oktýabrda fizika, 7-nji oktýabrda himiýa, 8-nji oktýabrda edebiýat boýunça baýragyň eýeleri mälim bolar, 9-njy oktýabrda bolsa Osloda parahatçylyk boýunça baýragyň eýesi yglan ediler.

Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan döredilen Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragyň eýesi 12-nji oktýabrda belli bolar.