Daşoguzyň suw howdanlarynda düýbi arassalamak we çuňaltmak üçin täze tehnikalar işläp başlady

Şu gün, 17:59954

Daşoguz welaýatynyň suw howdanlarynda täze tehnikalaryň kömegi bilen düýbi arassalamak we çuňaltmak işlerine başlandy. Bu barada «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Bu ýyl «Ýer-suw gurluşyk hojalyk hasaplaşygyndaky önümçilik kärhanasynyň» parkyna Hytaýyň «Julong» kysymly dört sany ýer gazyjy gämisi goşuldy. Olar suw howdanlarynyň düýbüni arassalamak we çuňaltmak üçin niýetlenen ponton görnüşli ýörite gämilerdir.

Gäminiň sökülip düzülýän gurluşy sebäpli, olary gönüden-göni iş geçirilýän ýerde çalt düzmek we islendik ýapyk suw howdanyna aňsatlyk bilen geçirmek bolýar. Olar ýokary öndürijiligi, işläp düzüjiliginiň çuňlugy, şeýle hem gurnamakda we hyzmat etmekde ýönekeýligi bilen tapawutlanýar.

Täze tehnikalar eýýäm tehniki gözegçilikden geçdi we häzirki wagtda sebitiň howdanlarynda işjeň ulanylýar.

Bu täze maşynlar ozal bar bolan «Beaver» kysymly Niderlandlaryň ýer gazyjy gämileri bilen bilelikde işleýär. Döwrebap tehnikalaryň toplumy kärhananyň zähmet toparyna täze zeýkeş-zeýakaba torlaryny gurmaga we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär.

Ýüzüji maşynlardan başga-da, kärhananyň parkyna bu ýyl kuwwatly buldozerler, zynjyrly susguçly ekskawatorlar we birnäçe ýöriteleşdirilen awtoulaglar gelip gowuşdy.