Aşgabatda 1948-nji ýylyň ýertitremesiniň pidalary we Watan goragçylary hatyralandy

Düýn, 21:154,391
1 / 2

6-njy oktýabrda Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolan Watan goragçylaryny ýatlap, Hatyra güni bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Ir bilen paýtagtyň ýaşaýjylary pida bolanlary hatyralamak üçin «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine geldi. Toplumyň ýanynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi, Türkmenistanyň Döwlet senasy, soňra bolsa halk hasratynyň özboluşly nyşanyna öwrülen «Keçpelek» sazy ýaňlandy.

Döwlet Baştutany Aşgabat ýertitremesinde heläk bolanlary hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy. 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçen gije bolup geçen pajygaly betbagtçylyk paýtagty doly diýen ýaly weýran etdi we müňlerçe adamyň ömür tanapyny kesdi.

«Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym, tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi» diýlip, habarda bellenilýär.

Soňra döwlet Baştutany faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de ýurduň azatlygy we geljegi üçin baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Ýadygärlikleriň ýanynda synmaz hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur.

Şeýle hem gül goýmak dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, parlamentiň deputatlary, diplomatik wekiller we halkara guramalaryň wekilleri, ýaşulular, talyplar hem-de paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Serdar Berdimuhamedow pida bolanlar baradaky hakydanyň halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidigini we nesilleriň arasyndaky arabaglanyşykdygyny belledi. Şonuň üçin hem Hatyra gününde bütin ýurt boýunça aýat-töwirler okalýar we sadakalar berilýär.

Hatyra çäresi tamamlanandan soň, Prezident ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Hatyra gününe bagyşlanan çäreler Arkadag şäherinde we ýurduň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Wepat bolanlaryň ruhuna aýat-töwirler okaldy we sadakalar berildi.