Gulmanowa Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Şu gün, 16:21430

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 7-nji oktýabrda Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, Ýaşlar, maşgala we zenanlar işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygy Dilnozahon Kattahanowa bilen duşuşdy. Duşuşyk Awazadaky giň gerimli çäreleriň çäginde geçirildi diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berýär.

D.Gulmanowa myhmana onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň parahatçylygy saklamakda aýal-gyzlaryň eýeleýän ornuna, ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlaryna hem-de demografik meselelere we durnukly ösüşe bagyşlanan halkara çärelerine gatnaşandygy üçin sagbolsun aýtdy.

Duşuşykda D.Kattahanowa Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň işi we amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukugynyň ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi. D.Gulmanowa resminamanyň kabul edilmegini goldandygy üçin Özbegistana minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG-niň çäklerinde ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Parlamentara dostluk toparlarynyň, degişli komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.