Serdar Berdimuhamedow we Ilham Aliýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Düýn, 20:582,319
1 / 2

8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar soňky bir ýylda iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki bäş saparyň amala aşyrylandygyny we olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, bu saparlar işjeň syýasy dialogyň we özara gatnaşyklaryň ösüşiniň aýdyň görkezijisidir.

Gepleşikleriň çäginde syýasy, ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem-de Hazar deňzi we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň 8-nji konsultatiw duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky we özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdaky ähmiýeti nygtaldy.

Ilham Aliýew çäräniň ýokary derejede guralandygy we Azerbaýjanyň bu formata doly hukukly gatnaşyjy hökmünde kabul edilmegine berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu başlangyç Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlüp, biragyzdan goldanylypdy.

Şeýle-de, döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň beýleki gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alyşdy.