8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurt arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meselelerini we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşdy.
Ermenistanyň premýer-ministri GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we beýleki degişli çärelere gatnaşmak üçin iki günlük iş sapary bilen Türkmenistana geldi.
Serdar Berdimuhamedow Ermenistanyň Hökümet baştutanyny mähirli garşylap, iki ýurduň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini belledi.
Nikol Paşinýan myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi we öz ýurdunyň Türkmenistan bilen syýasy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.