8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurtlaryň bar bolan serişde we senagat kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatik duşuşykda taraplar döwletara dialogyň okgunly ösýän häsiýetini hem-de sebitara, ulag-logistika we energetika ugurlaryny birleşdirýän Hazar deňzi sebitiniň strategik ähmiýetini belledi.
Mejlisiň dowamynda durnukly we ygtybarly ulag geçelgelerini döretmäge we döwrebap infrastruktura çözgütlerini emele getirmäge aýratyn üns berildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem duşuşygyň möhüm bölegi boldy. Daşary işler ministrleri ylym, bilim, medeniýet, sungat we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň baý medeni mirasyny giňden ýaýmaga ýardam berýän bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Duşuşykda çykyş edenler halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň gerimi boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny kanagatlanma bilen belledi.
Şeýle hem taraplar iri halkara guramalaryň we abraýly düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine ünsi çekdi. Diplomatlar halkara başlangyçlary we teklipleri özara goldaw bermäge taýýardyklaryny tassyklady we geçirilen gepleşikleriň strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigini nygtady.