Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Indi «Watan» habarlar gepleşiginde Serdar Berdimuhamedowyň bu duşuşykda öňe süren teklipleri we başlangyçlary barada habar berildi.
Döwlet Baştutany öz çykyşynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň, sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň, şeýle-de netijeli syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem ýurtlaryň diplomatik mümkinçilikleriniň artandygyny we hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilendigini nazara alyp, Serdar Berdimuhamedow konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda altytaraplaýyn geňeşmeler formatyny döretmegi teklip etdi.
Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek, esasy orny bolsa «Merkezi Aziýa – Hazar deňzi – Günorta Kawkaz – Ýewropa» geçelgesine bermek bellenildi. Türkmenistanyň Hazar deňzindäki infrastrukturasyny özara bähbitli esasda umumy bähbitler üçin ulanmaga bermäge taýýardygy tassyklanyldy.
Serdar Berdimuhamedow energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem ünsi çekip, oňa diňe bir turba geçirijileriň däl, eýsem elektrik energiýasyny ibermek we durnukly elektroenergetika baglanyşyklaryny döretmek taslamalarynyň hem degişlidigini nygtady.
Döwlet Baştutany ýurtlaryň arasynda söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagyň, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhümdigini aýdyp, altytaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmegiň ýerlikli boljakdygyny belledi. Ulag, gümrük hem-de baha päsgelçiliklerini aradan aýyrmak babatynda has çeýe we netijeli usullary, elektron ulgamlary ornaşdyrmak barada pikirlenmek teklip edildi.
Senagatda özara biri-biriniň üstüni ýetirýän önümçilikleri, oba hojalygynda bolsa bäsleşige ukyply iri eksport ugurly obasenagat toplumlaryny döretmek möhüm ugurlar hökmünde görkezildi.
Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalaryna Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda Hi-Tech merkezleriniň binýadynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip etmek pikirini orta atdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan halkara tehnologik we innowasion hyzmatdaşlygyň höweslendiriji şerti hökmünde öňe sürlen «Akylly şäherler diplomatiýasy» başlangyjynyň ähmiýeti we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mehanizmini döretmegiň zerurdygy bellenildi. Ýakyn wagtda onuň anyk ugurlaryny ylalaşmaga girişmek teklip edildi.
Döwlet Baştutany ynsanperwer ulgamda hem altytaraplaýyn mehanizmleri döretmegi we hyzmatdaşlygyň mazmunly meýilnamalaryny işläp taýýarlamagy öňe sürdi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary Bilelikdäki Beýannama hem-de Konsultatiw duşuşygyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda Çözgüde gol çekdi.