2027-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy Azerbaýjanda geçiriler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Azerbaýjan Respublikasy bu sebit dialogyna ilkinji gezek resmi görnüşde gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjany bu formata goşmak boýunça strategik başlangyjy sebitara hyzmatdaşlygyny, ulag-logistika arabaglanyşygyny we energetika dialogyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Bu hyzmatdaşlyk Hazar deňzi, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň bitewi ulgamyny kemala getirýär.
Awazada geçirilen konsultatiw duşuşykda Serdar Berdimuhamedow bu formatyň indiki ýyldaky çärelerini Azerbaýjanda geçirmek hakyndaky meseläniň ylalaşylandygyny aýdyp, Ilham Aliýewi bu çözgüt bilen gutlady we täze formatyň döwletleriň arasyndaky özara ynanyşmagy we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.