Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmak üçin ýurda gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi we Gazagystanyň bu çärelere gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. BMG, ÝHHG, YHG ýaly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldamagyň hyzmatdaşlygyň wajyp ugrudygy nygtaldy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy ugruny yzygiderli goldaýandygy üçin Gazagystan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Energetika, ulag we logistika ulgamlary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde bellenilip, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berildi. Döwletara gatnaşyklary berkitmekde medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň we medeni alyşmalary giňeltmegiň wajypdygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.