Türkmenistanyň Prezidenti Sergeý Lebedewi kabul etdi

Şu gün, 04:162,162

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurda gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Sergeý Lebedew duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşykda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy hem-de köpugurly dialogy ösdürmäge berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady. GDA-nyň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi hem-de gurama agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde onuň uly goşandyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Geňeşiň mejlisinde gazanyljak ylalaşyklaryň we netijeleriň GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň çäklerindäki hyzmatdaşlygy daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görýär we geçirilýän sammitlere, mejlislere hem-de çärelere işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, GDA-a agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji mejlisi, Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisleri ýaly möhüm çäreler geçirildi.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda şu günler Awazada GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi, «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly döwletara telewizion filmleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, GDA-a agza döwletleriň milli tagamlarynyň festiwaly we sergisi geçirildi.

Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini geçirmek boýunça bilelikde alnyp barlan işler we tagallalar üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärlerine we Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar GDA-nyň giňişligindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.