8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak üçin ýurda gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Russiýanyň Prezidentine GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
«Biz Siziň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüňize ýokary baha berýäris hem-de Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik hökmünde garaýarys» – diýip, Serdar Berdimuhamedow RF-iň Prezidentiniň şu gezekki sаparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Wladimir Putin, öz gezeginde, bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk aýdyp, Awazadaky çäreleriň uly ähmiýetini belledi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistanda Russiýa Federasiýasyna möhüm we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygy, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň berk binýada eýedigi nygtaldy. Ýokary derejedäki yzygiderli syýasy-diplomatik gepleşikleriň ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge mümkinçilik döredýändigi bellenildi.
Russiýa Federasiýasynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy aýdylyp, Russiýanyň subýektleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ulgamlarynyň özara gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin köpugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.