Awazada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi başlady. Bu barada THP habar berýär.
Duşuşyk GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlisi açyp, geçen ýyllaryň dowamynda GDA-nyň syýasy dialog, ykdysady gatnaşyklar we ynsanperwer hyzmatdaşlygy üçin meýdança hökmündäki ähmiýetini tassyklandygyny belledi:
«Geçilen ýoluň käbir netijelerini jemläp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ony abraý bilen geçendigini jogapkärçilik bilen tassyklap bolar. Obýektiw kynçylyklara garamazdan, biz hyzmatdaşlygyň binýadyny saklamagy we onuň deňhukukly, hormat goýulýan hem-de özara bähbitli häsiýetini üpjün etmegi başardyk».
Prezident GDA ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, soňky ýyllarda bolsa bilelikdäki söwda dolanyşygynyň oňyn ösüşiniň hasaba alynýandygyny belläp geçdi.
Şeýle hem ol syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň giňeldilýändigini nygtady. Arkalaşygyň formaty wajyp halkara meselelerini maslahatlaşmak üçin özüne çekiji meýdança hökmünde öňe çykýar.
Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda parlamentara gatnaşyklara we medeniýeti, ylmy, bilimi, sporty hem-de syýahatçylygy öz içine alýan ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu ulgamlardaky özara hyzmatdaşlyk halklaryň arasyndaky ynamy berkidýär we GDA-nyň halkara meýdançasyndaky abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.