Huawei kompaniýasy täze OSTA subbrendini tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär, onuň ilkinji smartfony OSTA O1 Pro bolar. Resmi tanyşdyrylyş dabarasyndan öň enjamyň kompaniýanyň firma dükanynda peýda bolmagy, onuň dizaýnynyň we esasy häsiýetnamalarynyň üstüni açdy diýip, ITHome ýazýar.

Smartfon ýüzünde melewşe reňkli «OSTA» nyşany bolan ak gutuda hödürlenýär. Toplumyň içine örülen USB-C kabeli, dury gorag daşlygy we SIM-kart üçin açarjyk girýär. Toplumda zarýad beriji enjam ýok.

Smartfon üç reňkde — melewşe, ak we gara reňklerde elýeterli bolar. Huawei eýýäm Hytaýda deslapky sargytlary açdy, OSTA O1 Pro smartfonynyň doly tanyşdyrylyşy bolsa 20-nji noýabrda geçiriler.
Smartfonyň häsiýetnamalary:
displeýi — 6,39 dýuým;
ekranynyň ölçegi — 16:9,5;
çarçuwasynyň ýogynlygy — 1,05 mm;
öň paneldäki ekranyň paýy — 96,1%;
displeýiň täzelenme ýygylygy — 120 Gs çenli;
iň ýokary ýerli ýagtylygy — 6500 nit;
PWM-sazlamanyň ýygylygy — 2160 Gs.

Smartfon gyralary aýlawly korpus we keseligine ýerleşdirilen kamera blokly ýalpyldawuk yzky panelli görnüşde taýýarlanyldy. Dizaýny we form-faktory boýunça, OSTA O1 Pro ýakynda tanyşdyrylan Huawei Pura X View modelini doly diýen ýaly gaýtalaýar, ýöne reňkleri we interfeýs bezegi bilen tapawutlanýar.
Korpusynyň ýogynlygynyň bary-ýogy 6,68 mm bolandygyna garamazdan, inženerler onuň içine 7000 mA/sag sygymly akkumulýatory ýerleşdirmegi başardy. Şol bir wagtyň özünde, enjamyň agramy 203 g. Smartfon Kunlun aýnasy hem-de IP68 we IP69 standartlary boýunça daşky täsirlerden goraglydyr.
OSTA O1 Pro smartfonynyň takyk bahasy häzirlikçe näbelli.