Hytaýda öndürilen W5000 kysymly uçarmansyz ýük uçary ilkinji synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Ony işläp düzen hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu şeýle görnüşdäki dünýäniň iň uly uçarydyr. Enjamyň esasy ulgamlarynyň işleýşini barlamak maksatly synaglar Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitinde geçirildi diýip, Global Times habar berýär.
W5000 uçaryny işläp düzüji we öndüriji Hytaýyň «Air White Whale» awiakompaniýasydyr. Uçar 5 tonna çenli ýüki 2600 kilometre çenli aralyga daşamaga ukyply. Ýük bölüminiň göwrümi bolsa 65 kub metre deň.
Uçaryň bortunda uçarmanlaryň bolmagy şert däl. Uçuş awtonom dolandyryş ulgamlary arkaly amala aşyrylýar. Ýerdäki hünärmenler bolsa uçaryň hereketine we tehniki ýagdaýyna gözegçilik edýär.
Ilkinji uçuş wagtynda uçar uçuş-gonuş zolagynda tizligini artdyryp, takmynan, 600 metr aralygy geçenden soň asmana göterildi. W5000 uçary 2000 metr belentlige çykdy we howada 30 minut töweregi bolup, soňra üstünlikli gondy.
Hünärmenler synag wagtynda awtonom dolandyryş ulgamynyň we maglumat geçiriji kanallaryň işini, şeýle hem hereketlendirijiniň, awiasiýa elektronikasynyň, aragatnaşyk enjamlarynyň we ýerdäki gözegçilik ulgamlarynyň özara sazlaşygyny barladylar.
W5000 Hytaýda işlenip taýýarlanan turbawintli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Uçaryň göwresiniň tas 65 göterimi uglerod süýümli kompozit materiallardan ýasalypdyr. Bu materiallaryň ýeňil bolmagy uçaryň umumy massasyny azaltmaga we ýük daşamak üçin ulanyp boljak agram paýyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Öndürijiler W5000 uçaryny sebit we sebitara ýükleri daşamakda, temperatura şertleri berjaý edilmeli önümleri eltmekde hem-de adatdan daşary ýagdaýlarda zerur bolan serişdeleriň üpjünçiligini ýola goýmakda ulanmagy göz öňünde tutýarlar. Öndürijiniň bahalandyrmagyna görä, bir tonna ýüki bir kilometre daşamagyň logistik çykdajylary, deňeşdirip boljak beýleki ekipažly ýük uçarlaryna garanyňda, 60 göterimden gowrak arzan düşüp biler.
Çykdajylaryň azalmagy uçarda ekipažyň we uçarmanlar kabinasynyň enjamlarynyň ýoklugy, şeýle hem ýeňil kompozit gurluşyň hasabyna ýangyjyň az sarp edilmegi bilen düşündirilýär.