Burger King Koreýada şokoladly burger çykarar

Düýn, 14:302,263
1 / 2

Burger King şokoladly burger taýýarlap başlady. Täze önüm 19-njy noýabrda satuwa çykar, ýöne ol diňe bir restoranda — Seuldaky Flame Ground-da hödürlener.

Şokoladly wopper daşyndan nusgawy burgere meňzeýär, ýöne onuň esasy ingrediýentleriniň altysy hem desert görnüşler bilen çalşyryldy. Şokoladly bulkajyklaryň arasynda brauni kotleti, pomidor we sogan görnüşli žele, şokoladdan hyýar we salat ýapragy, şeýle hem Nutella pastasy, gaýmak peýnirli mus we malina sousy bolar.

Desert her gün sagat 11:00-dan başlap, goşulýan önümleriň gündizki ätiýaçlygy gutarýança, çäkli möçberde satylar. Onuň bahasy 9800 won (takmynan, 7,35 dollar) bolar.

Flame Ground Burger King-iň dünýädäki ilkinji flagman restoranydyr. Şeýle hem onuň tagamnamasynda zynjyryň adaty restoranlarynda tapylmaýan üç sany özboluşly burger: ajy-süýji sousa batyrylan sygyr etiniň gapyrgalary bilen K-Cube Galbi Burger, karamellenen bekonly we barbekýu sously Memphis BBQ Burger we inçe dilimlenen ribaý steýkli Philly Cheesesteak bar.