Merilin Monrodan Di Kaprio çenli: «Variety» taryhdaky iň beýik 100 kino ýyldyzyny saýlady

Şu gün, 20:28747
1 / 6

«Variety» žurnaly kino taryhyndaky iň beýik 100 kino ýyldyzynyň reýtingini düzdi.

Reýtingiň awtorlary kino ýyldyzy derejesiniň we beýik aktýor adynyň hemişe gabat gelmeýändigini belledi. Şeýle-de bolsa, olaryň pikiriçe, käbir ýagdaýlarda zehin we ýyldyz derejesi biri-birinden aýrylmaz bolup çykýar.

Sanawda birinji orny Merilin Monro eýeledi. Redaksiýa ony kinonyň rowaýaty diýip atlandyryp, Meriliniň zehininiň we gözelliginiň wagt bilen çäklenmeýän häsiýetini nygtady. Ol pikir edilişinden has güýçli aktrisady diýip, awtorlar ýazýar.

Ikinji orny Hamfri Bogart eýeledi. Reýtingiň awtorlary ony agraslygy ýaramaz we gahrymançylykly keşpler bilen utgaşdyrmak ukyby üçin saýlady.

Üçünji orun Çarli Çapline berildi. Sanawy düzüjiler ony «fiziki komediýanyň» ussady diýip atlandyrdy.

Reýtingiň ilkinji 40-lygy şeýle görnüşde:

  1. Merilin Monro
  2. Hamfri Bogart
  3. Çarli Çaplin
  4. Jek Nikolson
  5. Ketrin Hepbörn
  6. Sidni Puatýe
  7. Marlon Brando
  8. Tom Kruz
  9. Tosiro Mifune
  10. Barbra Streýzand
  11. Klint Istwud
  12. Keri Grant
  13. Juliýa Roberts
  14. Jeýms Din
  15. Klark Geýbl
  16. Bett Dewis
  17. Tom Henks
  18. Ingrid Bergman
  19. Jon Weýn
  20. Denzel Waşington
  21. Robert Redford
  22. Greta Garbo
  23. Şon Konneri
  24. Elizabet Teýlor
  25. Harrison Ford
  26. Odri Hepbern
  27. Meril Strip
  28. Jeýms Stýuart
  29. Bred Pitt
  30. Greýs Kelli
  31. Pol Nýuman
  32. Al Paçino
  33. Judi Garlend
  34. Spenser Treýsi
  35. Wiwýen Li
  36. Jeýms Kegni
  37. Katrin Denýow
  38. Leonardo Di Kaprio
  39. Rudolf Walentino
  40. Jeýn Fonda

Şeýle hem reýtingde 43-nji orunda Marlen Ditrih, 46-njy orunda Robin Wilýams, 49-njy orunda Marçello Mastroýanni, 53-nji orunda Brýus Li, 54-nji orunda Robert De Niro, 56-njy orunda Jon Trawolta, 59-njy orunda Arnold Şwarsenegger, 60-njy orunda Sofi Loren, 61-nji orunda Elwis Presli, 64-nji orunda Rassel Krou we 66-njy orunda Will Smit ýerleşdi.

Mett Deýmon 71-nji orny, Nikol Kidman — 72-nji, Robert Dauni-kiçi — 74-nji, Raýan Gosling — 77-nji, Morgan Friman — 82-nji, Robert Pattinson — 83-nji, Keýt Winslet — 84-nji orny eýeledi.

Timoti Şalame 86-njy, Nikolas Keýj bolsa 89-njy orunda ýerleşdi. Şahruh Han 92-nji, Hoakin Feniks — 93-nji, Emma Stoun — 94-nji, Alen Delon — 97-nji, Zendeýa — 98-nji, Silwestr Stallone — 99-njy orny eýeledi. Ýüzlügi Genri Fonda jemleýär.