Ford kompaniýasy Henri Forduň 1901-nji ýyldaky ýaryşda gazanan ilkinji ýeňşiniň hormatyna Mustang GTD kysymly sport awtoulagynyň ýörite görnüşini tanyşdyrdy. Täze nusga «Mustang GTD 1901» diýlip atlandyryldy.
1901-nji ýylda Henri Ford öz eli bilen ýygnan iki silindrli Sweepstakes ýaryş awtoulagynda Detroýtdaky gumak ýolda geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazanypdy. Hut şol ýeňiş hem onuň maýadarlaryň ünsüni çekmegine kömek etdi. Soňlugy bilen, ol waka Ford kompaniýasynyň döredilmegine sebäp bolan möhüm ädimleriň birine öwrüldi.

Täze awtoulagyň daşky görnüşi asyl nusgadaky ýaryş ulagynyň reňkine görä, goýy gyzyl reňkde taýýarlanylyp, kuzowynyň üsti assimetriki gara zolak bilen bezeldi. Onuň salony tikinleri tapawutlandyrylan gyrmyzy reňkli deriden ýerine ýetirildi. Awtoulagyň ruly ýumşak zamşa bilen örtüldi, howpsuzlyk kemerleriniň gyralaryndan bolsa gyzyl jähek geçirildi.
Ford kompaniýasy 2028-nji ýyl üçin Mustang GTD modelini kämilleşdirmegiň çäklerinde salonda tebigy derini, öňkä garanyňda, has köp ulandy. Indi gapylaryň içki örtükleri we merkezi goltuklygyň gapagy hem deri bilen örtüldi. Mundan başga-da, täze model üçin asma ulgamyna düşýän massany 22,8 kg azaldýan magniý ergininden ýasalan tigir diskleri ulanylar.

Goşmaça tölege 3D çap etmek usuly arkaly taýýarlanan titan salon bezeg böleklerinden ybarat toplumy hem sargyt etmek bolar. Onda kuwwaty 815 at güýjüne eýe bolan, göwrümi 5,2 litrlik kompressorly ozalky hereketlendirijisi galdyrylar.
Mustang GTD 1901 modeliniň standart enjamlaryna uglerod süýüminden taýýarlanan öňki splitter, gapdal bosagalar, yzky diffuzor we aerodinamiki ganat hem girer.