Samsung öz smartfonlaryny müşderiniň gös-göni ýanyna baryp, abatlap berýär

Şu gün, 09:192,328

Samsung kompaniýasy özüniň Repair Bus ykjam hyzmat merkezleriniň ilkinji 18 aýyň dowamynda Ýewropanyň 12 ýurdunda 50 müňden gowrak abatlaýyş işlerini geçirendigini habar berdi.

Bu hyzmat Galaxy smartfonlarynyň we planşetleriniň eýelerine doly enjamlaşdyrylan abatlaýyş awtoulagyny özlerine amatly ýere — öýüne, iş ýerine ýa-da başga salgy boýunça çagyrmaga mümkinçilik berýär. Awtoulaglarda hakyky şaýlary ulanýan ýokary derejeli hünärmenler işleýär. Abatlaýyş işleriniň aglabasy ýerinde ýerine ýetirilýär.

Käbir ýurtlarda hyzmatyň mümkinçilikleri tapawutlanýar: topar enjamy müşderiden alyp, bejerilensoň yzyna getirip berýär. Samsung furgonlaryny bildirilýän islege laýyklykda paýlaýar: ýurtlaryň sekizisinde bir awtoulag, birinde bolsa iki awtoulag işleýär. Isleg diýseň ýokary bolan bazarlarda has uly awtoulag parklary döredildi.

Repair Bus häzirki wagtda Germaniýada, Italiýada, Beýik Britaniýada, Fransiýada, Niderlandlarda, Şwesiýada, Daniýada, Polşada, Horwatiýada, Wengriýada, Rumyniýada we Ispaniýada elýeterlidir. Hyzmat Ýewropada 2025-nji ýylyň iýul aýynda işe girizildi.

Ulanyjylar täze hyzmat usulyna ýokary baha berdiler. Samsung kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, hyzmatyň ortaça bahalandyrylmasy 5 ýyldyzdan 4,98 boldy. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň iýulyndan 2026-njy ýylyň oktýabryna çenli abatlaýyş işlerinden soň galdyrylan 1456 seslenme esasynda hasaplandy.

Göçme abatlaýyş usuly Samsung üçin täzelik däl. Kompaniýa eýýäm birnäçe ýyl bäri käbir Ýewropa ýurtlarynda Repair Bus hyzmatyny ýola goýýar. Mysal üçin, 2024-nji ýylda Samsung kompaniýasynyň Germaniýadaky bölümi hünärmenleriň smartfonlary we planşetleri gönüden-göni müşderiniň ýerleşýän ýerinde abatlap biljek doly enjamlaşdyrylan göçme ussahanalaryň işleýändigini habar beripdi.