Soňky arheologik tapyndylar «Asyrlaryň yzlary» ýygyndysynyň 4-nji goýberilişinde şöhlelendiriler

Şu gün, 21:54438

Şu gün geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek hem-de gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň güýz möwsüminde ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag we rejeleýiş işleri dowam etdirildi hem-de bilelikdäki arheologik ekspedisiýalary guraldy.

Geçirilen ylmy gözlegleriň netijelerini halkara ylmy jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndynyň dördünji goýberilişi çapa taýýarlanyldy.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny ylmy taýdan öwrenmegiň we geljekki nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Ol taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek hem-de gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.