ABŞ ilkinji gezek umman düýbündäki ýerleri auksionda satdy

Düýn, 17:133,465

Trampyň administrasiýasy taryhda ilkinji gezek ABŞ-da umman çuňlugyndaky gazylyp alynýan peýdaly magdanlary almaga bolan hukugy satmak boýunça auksion geçirdi. Onda Amerikan Samoasynyň golaýynda jemi 12,5 million gektardan gowrak meýdany bolan iki ýer 6 million dollara satyldy.

Ýöne, Associated Press agentliginiň maglumatyna görä, auksiona diňe Wetstone U.S. Ventures startap kompaniýasy gatnaşdy. Ol iki ýeri hem iň pes başlangyç bahadan satyn aldy.

Ylalaşyk boýunça, kompaniýa olary 20 ýyllyk kärendesine alar we ummanyň düýbüniň deslapky barlaglaryny geçirmek hem-de gazylyp alynýan peýdaly magdanlary täjirçilik maksady bilen çykarmak üçin ýörite hukuklardan peýdalanar.

Deslapky çaklamalara görä, bu ýerlerde kobaltyň, nikeliň, marganesiň baslygyp ýatan gatlaklary we seýrek ýer elementleriniň ýataklary bar.

Auksion Trampyň möhüm minerallaryň çykarylyşyny çaltlandyrmaga we ABŞ-nyň Hytaýa strategik garaşlylygyny azaltmaga gönükdirilen geçen ýylky görkezmesine laýyklykda geçirilýär.

Dekabr aýynda ABŞ-nyň administrasiýasy Demirgazyk Marianna adalarynyň golaýynda deňiz düýbüniň ýene-de birnäçe bölegini satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.