Indoneziýada 300-e golaý adamly kärhanada ýangyn döredi

Şu gün, 10:231,915
1 / 5

Indoneziýanyň Ýawa adasyndaky konditer önümleri kärhanasynda dörän ýangynyň netijesinde azyndan 24 adam heläk boldy. Häzirki wagtda dereksiz ýitenleriň gözlegleri dowam edýär. Bu barada «Reuters» habar berýär.

Ýangyn 21-nji noýabrda agşam PT Fonusa Agung Mulia kärhanasynyň Çikande şäherçesindäki önümçiliginde ýüze çykdy. Zawod United Family Food kompaniýasyna degişli.

Kärhananyň baş direktory Stiwen Erwin Wijaýanyň aýtmagyna görä, şenbe güni önümçilikde 300-e golaý adam işläpdir.

Soňky maglumatlara görä, ýangynda ejir çeken 65 işçiniň 24-si eýýäm öýlerine dolandy, ýene dördüsi lukmançylyk kömegini alýar. 29 adam dereksiz ýiten hasaplanylýar, ýene sekiz adamyň nirededigi entek anyklanylmady.

Häzirki wagtda hünärmenler pida bolanlaryň şahsyýetini anyklamak üçin olaryň DNT nusgalaryny ýygnaýar. Häkimiýetler ýangynyň ýüze çykmagynyň sebäplerini derňeýär. Kärhana binasynyň bir böleginiň ýykylmak howpy henizem aradan aýrylmaýar.