Mis taryhy rekorddan soň bazarda agyr ýitgini başdan geçirýär

Şu gün, 11:552,013

Londonyň metal biržasynyň (LME) söwda bazarynda misiň bahasy maýa goýujylaryň emeli aň (EA) bilen bagly çykdajylaryň geljekdäki ösüşine bolan ynamynyň peselmegi sebäpli, häzirlikçe bir tonnasy üçin 12 müň dollardan aşak düşdi. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Duşenbe güni söwdanyň başynda misiň bahasy 1,5% ýokarlanan hem bolsa, soňra onuň pese gaçyşy 1,7%-e çenli ýetdi. Aşgabat wagty bilen sagat 08:03-de bir tonna misiň bahasy 12 069,50 dollara deň boldy. Bu görkeziji öňki söwda gününiň ýapylyş bahasyndan 0,8% pesdir.

Geçen hepdäniň dowamynda misiň bahasy 9% arzanlapdy. Bu soňky on ýylyň dowamynda hasaba alnan iň uly hepdelik pese gaçyşlaryň arasynda möçberi boýunça üçünji görkeziji boldy. Maýa goýujylar töwekgelçiligi ýokary bolan aktiwlere goýýan maýa goýumlaryny azaltmak bilen bir hatarda, maglumat merkezleriniň we olar bilen bagly infrastruktura desgalarynyň gurluşygyna ediljek çykdajylar baradaky garaýyşlaryny täzeden gözden geçirdiler.

Sentýabr aýynda emeli aň tehnologiýalaryna bolan uly gyzyklanma we ABŞ-nyň import paçlaryny girizmek ähtimallygy baradaky garaşmalar misiň bahasynyň rekord derejede, ýagny bir tonnasy üçin, takmynan, 15 müň dollara çenli ýokarlanmagyna sebäp bolupdy. Emma şondan soň onuň bahasy peselip başlady. Hytaýda islegiň gowşak bolmagy we ABŞ-nyň dollarynyň güýçlenmegi hem mis bazaryna goşmaça basyş edýär.

Bazar gatnaşyjylary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýylyň ahyryna çenli arassalanan misiň importyna paç girizjekdigine bolan ynamlaryny hem barha ýitirýärler. Bu çäreleriň girizilmegine garaşylmagy ABŞ köp möçberde misiň iberilmegine itergi beripdi. Netijede, beýleki ýurtlarda elýeterli mis ätiýaçlyklary azalyp, onuň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Geçen hepde söwdagärler Aziýa bazaryndaky teklip ýetmezçiligini azaltmak maksady bilen, ABŞ-nyň portlaryndan misiň daşalmagyny ýola goýdular.