Collider žurnaly kinonyň taryhyndaky iň gowy 10 dokumental filmiň sanawyny düzdi. Sanawyň başyny Godfri Rejionyň «Koýaaniskatsi» filmi çekdi.
1982-nji ýylda düşürilen bu filmde diktoryň teksti bilen aktýoryň sözleri asla ýok diýen ýaly.
«"Koýaaniskatsi" nähilidir bir usul bilen adamy ekranyň öňüne baglap goýýar, ýogsam ol “diňe” bolup geçýän wakalaryň fonunda ýaňlanýan saz bilen utgaşykly seteran geçýän kadrlar. Kamera bizi arassa tebigy peýzažlardan köp adamly, gyzgalaňly megaşäherlere alyp gidýär – ynha, filmiň bar ýordumy şu. <...> Bu diňe bir Ýer ýüzündäki ýaşaýşa tebigat bilen adamzadyň onuň ýerinde guran zatlaryny deňeşdirmek arkaly göz aýlamak. Bu-da adama nähilidir bir üýtgeşik täsir edýär: film işlenilmedik ýa-da bulaşyk hem däl, sustuňy basyjy hem duýulmaýar. Bu ömrüňde, bolmanda, bir gezek başdan geçireniňe degýän özboluşly kinematografik tejribe» diýip, Collider sözüni jemleýär.
Doly sanaw şeýle:
«Koýaaniskatsi» (Koyaanisqatsi,1982) – Filip Glassyň sazy bilen utgaşykly gidýän tebigat bilen tehnologiýanyň arasyndaky gapma-garşylyk baradaky wizual esse, Godfri Rejio.
«Grizli-adam» (Grizzly Man, 2005) – ynsanyň ýabany tebigatdaky mübtelalygyny we gowşaklygyny açyp görkezýän film, Werner Hersog.
«Basketbol arzuwlary» (Hoop Dreams, 1994) – iki garaýagyz ýetginjegiň uly sporta barýan ýolda kemala gelşiniň köp ýyllyk hekaýaty, Stiw Jeýms.
«Emi» (Amy, 2015) – aýdymçy Emi Waýnhausyň pajygaly portreti, Azif Kapadia.
«Başir bilen wals» (Waltz with Bashir, 2008) – Liwan urşunyň ýitirilen ýatlamalaryny gözlemek baradaky animasion dokumental filmi, Ari Folman.
«Gadyrly Zakari: Ogluna kakasy barada hat» (Dear Zachary: A Letter to a Son About His Father, 2008) – režissýor Kurt Kýunnuň şahsy we duýguly bagyşlama-filmi.
«Şoa» (Shoah, 1985) – şaýatlaryň gürrüňlerine esaslanýan Holokost baradaky monumental gözleg, Klod Lansman.
«Hemme zady görüp bilersiňiz» (You Can See Everything, 2026) – Theranos kompaniýasynyň esaslandyryjysy Elizabet Holms türmä ugradylmazyndan öň, ol barada düşürilen meşhur dokumental film, Neýtan Filder we Lens Oppengeým.
«Öldürmek karary» (The Act of Killing, 2012) – Joşua Oppenhaýmeriň Indoneziýanyň taryhynyň pajygaly babynyň gatnaşyjylary baradaky öjükdiriji synagy.
«Tokio Olimpiadasy» (Tokyo Olympiad, 1965) – Kon Itikawanyň Tokio Olimpiadasyna şahyrana garaýşy.