Warner Bros. kinokompaniýasy «Alaň» filminiň üçünji bölüminiň täze tizer-treýlerini köpçülige hödürledi. Filmiň ilkinji görkezilişi 18-nji dekabrda bolar.
Denis Wilnýowyň režissýorlygyndaky bu film meşhur fantastik üçlügiň jemleýji bölümi bolar. Wakalar Pol «Muad'Dib» Atreýdesiň Imperiumda häkimiýeti ele geçirmeginden 20 ýyla golaý wagt geçenden soň bolup geçýär.
Şol döwrüň dowamynda Pol tutuş galaktikada uruş turzan rehimsiz diktatora öwrülýär. Indi bolsa köne we täze duşmanlary onuň uç-gyraksyz häkimiýetini agdarmak üçin dildüwşük guraýarlar.
Filmiň keşplerini Timoti Şalame, Zendaýa, Jeýson Momoa, Florens Pýu, Robert Pattinson, Rebekka Fergýuson, Isaak de Bankole, Şarlotta Rempling, Anýa Teýlor-Žoý we Hawýer Bardem janlandyrýar. Filmiň ssenarisini Denis Wilnýow Braýan K. Won bilen bilelikde ýazdy.