Meşhur režissýor Stiwen Spilberg Kewin Barriniň «Gyşdaky ýürek» (The Heart in Winter) romanynyň esasynda täze film düşürmäge taýýarlanýar.
Deadline neşiriniň habar bermegine görä, täze western filminde baş keşpleri «Oskar» baýragynyň eýeleri Jessi Bakli («Hamnet»), Killian Mýorfi («Oppengeýmer») we Mark Raýlens («Içaly köprüsi») ýerine ýetirer. Filmiň ssenarisini bolsa Pol Tomas Anderson («Söweş üstüne söweş») ýazar.
Filmiň ilkinji görkezilişi 2028-nji ýyla meýilleşdirilýär.
Filmiň wakalary XIX asyryň ahyrynda Amerikanyň günbatar sebitlerinde bolup geçýär. Sýužetiň merkezinde iki gaçgagyň ykbaly durýar. Olar biri-birine aşyk bolup, özleri üçin nätanyş bolan täze dünýäde mynasyp orun tapmaga çalyşýarlar.
Spilberg köpden bäri western žanrynda film düşürmegi arzuw edip gelýärdi. Bu taslamanyň üstünde Pol Tomas Anderson bilen bilelikde işlemek mümkinçiligi bolsa, onuň höwesini has-da artdyrypdyr. Olar bilelikde işlemek barada şu ýylyň ýanwaryndan pikirlenip başlapdyrlar. Soňra bile oturyp, 35 millimetrlik kinolentada düşürilen onlarça nusgawy western filmine gaýtadan tomaşa edipdirler.
Spilberg baş keşpleri ýerine ýetirmek üçin, ilkinji nobatda, Jessi Bakli bilen Killian Mýorfini göz öňünde tutupdyr. Aýdyşyna görä, eseri okan badyna onuň göz öňüne hut şu aktýorlar gelipdir. Bu western Bakli bilen Mýorfiniň bilelikde surata düşjek ilkinji filmi bolar.
Pol Tomas Anderson üçin hem bu taslama ssenarisini özi ýazyp, ýöne režissýorlyk etmedik ilkinji filmi bolar. Mundan ozal Anderson «Söweş üstüne söweş» filmi üçin uýgunlaşdyrylan ssenariý ugry boýunça «Oskar» baýragyna mynasyp bolupdy.
Filmiň surata düşürilişine 2027-nji ýylyň gyşynda başlamak meýilleşdirilýär. Önümçilik işleri Universal Pictures kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Film Focus Features brendiniň ady bilen tomaşaçylara ýetiriler. Stiwen Spilberg bilen Pol Tomas Anderson filmiň prodýuserleri hökmünde hem çykyş ederler.