Daşyň içinden 100 million ýyllyk gül tapyldy

Şu gün, 12:531,750
1 / 3

ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň paleobotanik alymlary 130 ýyldan gowrak wagt bäri muzeý kolleksiýasynda saklanyp gelýän gatan çägäniň içinden, takmynan, 100 million ýyllyk gülüň daşa öwrülip giden galyndysyny ýüze çykardylar. Ösümlik «Tomlinsoniella pedicellata» diýlip atlandyryldy.

Gül örän kiçijik bolup, onuň beýikligi 1,5 millimetr, diametri bolsa 1,2 millimetr töwerek. Alymlar bu açyş barada American Journal of Botany žurnalynda habar berdiler.

XIX asyryň ahyrynda ösümlikleriň gazylyp tapylan galyndylaryny öwreniji Leo Leskere Kanzas ştatyndaky Dakota geologik gatlagyndan gatap daşa öwrülen bu nusgany ýygnapdyr. Soňra ol Smitson institutynyň Milli tebigy taryh muzeýiniň kolleksiýasyna geçirilipdir. Paleobotanik Stiwen Mançester daşda saklanyp galan başga bir gadymy gül – Dakotanthus bilen bagly barlag geçirýärkä, onuň içinde gizlenip ýatan başga bir tapyndynyň üstünden barypdyr.

Tapyndyny öwrenmek üçin mikrokompýuter tomografiýasy usuly ulanylypdyr. Rentgen şekilleri alymlara daşyň içki gurluşyny öwrenmäge we onuň üç ölçegli modelini döretmäge mümkinçilik beripdir. Gülüň özi daşda saklanyp galmandyr: ol palçyk garylan çägäniň aşagynda gömlüp, wagtyň geçmegi bilen dargapdyr. Emma onuň görnüşini gaýtalaýan yz galypdyr.

Gurluş aýratynlyklaryna görä, alymlar bu tapyndyny bir ülüşli ösümliklere degişli edýärler. Bu topara däneli ösümlikler, orhideýalar, bananlar we palmalar girýär. Gülüň bölekleri bäş sany halka görnüşinde ýerleşip, her halkada 3 element – 3 sany okara ýapragy, 3 sany gül ýapragy, 6 sany tyçinka we 3 sany miwelik ýapragy bar.

Miwelik ýapraklarynyň biri-biri bilen birleşmändigi-de aýratyn ünsi çekýär. Şeýle aýratynlyk häzirki zaman bir ülüşli ösümlikleriniň diňe az sanlysyna mahsusdyr. Alymlar ähli alamatlary göz öňünde tutup, Tomlinsoniella pedicellata-nyň ýapraklarynyň ýelpewaç şekilli palmalar bilen ýakyn garyndaşlygynyň bolandygyny çaklaýarlar.

Bir ülüşli ösümlikler häzirki wagtda mälim bolan gülli ösümlikleriň tas bäşden bir bölegini düzýär. Olaryň häzirki zaman görnüşleriniň sany 70 müňe golaýdyr. Genetiki maglumatlara salgylansaň, bu ösümlikler topary irki hek döwründe ýüze çykypdyr. Emma şol döwre degişli gadymy galyndylar örän seýrek duş gelýär.

Tomlinsoniella pedicellata bir ülüşli ösümliklere mahsus bolan adaty gül gurluşynyň şu wagta çenli mälim bolan iň gadymy subutnamasy hasaplanýar. Eger ösümligiň ýapraklarynyň ýelpewaç şekilli palmalar bilen garyndaşlygy tassyklanylsa, onda ol şol palmalar toparynyň hem iň gadymy subutnamasy bolup biler.

Alymlar bu ösümligiň ewolýusion ösüş şahasyndaky takyk ornuny kesgitlemek üçin goşmaça barlaglaryň zerurdygyny aýdýarlar.