ABŞ-da horlanmaga kömek edýän şokolad öndürildi

Şu gün, 14:09812
1 / 2

ABŞ-nyň Journi Health telelukmançylyk kompaniýasy horlanmaga kömek etmek üçin niýetlenen Melt atly şokolady tanyşdyrdy. Bu şokoladda Eli Lilly farmasewtik kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen we «Foundayo» atly derman serişdesiniň düzümine girýän orforglipron täsir ediji maddasy bar.

Journi Health kompaniýasynyň wekilleriniň aýdyşy ýaly, bu önüm sanjym etdirmekden ýa-da dermanlary gerdejik görnüşinde kabul etmekden ýaýdanýan adamlar üçin niýetlenen. Şeýle hem kompaniýa dermanyň az mukdaryny kabul edip, beden agramyny bir derejede saklamagy isleýän adamlary özüne çekmegi maksat edinýär. Şokolady günde bir gezek kabul etmek maslahat berilýär.

Bir aýlyk ulanyş üçin niýetlenen abuna hyzmatynyň bahasy 189 dollara deň bolup, onuň düzümine 24 bölek şokolad we lukman bilen maslahatlaşmak hyzmaty girýär. Bu bolsa Foundayo dermanynyň gerdejik görnüşindäki bir aýlyk bejergisinden ep-esli arzandyr. Ätiýaçlandyryşsyz ýagdaýda bu dermanyň bir aýlyk bahasy 649 dollara barabar.

Emma Wired neşiriniň bellemegine görä, Melt şokolady ABŞ-nyň Azyk önümlerine we derman serişdelerine gözegçilik etmek boýunça müdirligi (FDA) tarapyndan heniz tassyklanmady. Mundan başga-da, GLP-1 toparyna degişli dermanlaryň müdirlik tarapyndan tassyklanan iň pes mukdaryndan hem az möçberde kabul edilende nähili täsir edýändigi-de heniz ylmy taýdan subut edilmedik.

GLP-1 — bu glýukagona meňzeş peptid-1 atly gormonyň täsirini gaýtalaýan derman serişdeleriniň toparydyr. Bu gormon adam iýmitlenip başlandan soň beýnide we içegede bölünip çykýar. Şu topara degişli dermanlar işdäni peseldýär we adamyň uzak wagtlap özüni dok duýmagyna ýardam edýär.

Melt şokolady dermanhanalarda näsaglaryň aýratyn zerurlyklaryna we lukmanlaryň şahsy dermannamalaryna laýyklykda taýýarlanylýan derman serişdeleriniň toparyna girýär. FDA şeýle dermanlary taýýarlamaga belli bir ýagdaýlarda: asyl dermanyň ýetmezçiligi ýüze çykanda ýa-da näsagyň aýratyn zerurlyklary çykanda ýol berýär.

Eli Lilly kompaniýasynyň wekilleri bolsa bu şokolady ylmy taýdan öwrenilmedik galp önüm diýip atlandyryp, öndürijileri adamlaryň saglygy bilen bagly çynlakaý zerurlygy mahabata öwürmäge synanyşmakda aýyplaýarlar.