Birma ýantarynda «gulpakly» balykgulak tapyldy

Düýn, 21:001,574
1 / 2

Paleontologlar ýaşy, takmynan, 99 million ýyllyk birma ýantarynda hüžžerdilen gulpakly ýaly adaty bolmadyk gadymy balykgulagyň çaňňalagyny tapdylar.

Onuň ösüntgileri (periostrakum) barlagçylara Britaniýanyň The Prodigy toparynyň frontmeni Kit Flintiň keşbini ýatlatdy, şonuň üçin täze görnüş onuň hormatyna Archaeospirostoma flinti diýlip atlandyryldy.

Wengriýanyň Iştwan Seçen uniwersitetiniň Barna Pall-Gergeliniň ýolbaşçylygyndaky halkara topary bu tapyndyny Cyclophoridae gury ýer balykgulaklarynyň maşgalasyna degişli etdi. Çaňňalak uzyn we biri-birine ýelmeşen ösüntgiler bilen örtülip, ýasy üçburçluk gasynlary emele getirýär. Maşgalanyň öň belli bolan tapyndylarynyň wekillerinde bu ösüntgiler aýry-aýry hem-de göni bolupdyr.

Alymlar nusgany optiki mikroskopiýa we rentgen kompýuter tomografiýasy arkaly öwrendiler. Bu bolsa çaňňalagyň ownuk böleklerine çenli barlamaga we port galyndylary ýantardan aýyrmazdan, onuň üç ölçegli modelini döretmäge mümkinçilik berdi.

Balykgulagyň ýene bir tapawutly aýratynlygy onuň adaty bolmadyk gapajygy, ýagny operkulumydyr. Ol konus şekilli, köp spirally we basgançakly görnüşe eýe bolup, çaňňalaga girelgäni örtýär. Şeýle gurluş öň birma ýantarlaryndan tapylan bu maşgalanyň görnüşlerinde duş gelmändi.

Täze toparyň we görnüşiň düşündirişi Ecologica Montenegrina žurnalynda çap edildi.

Ady balykgulaga dakylan Kit Flint 2019-njy ýylda aradan çykdy.