Puerto-Riko wekilçilik eden 27 ýaşly Jennifer Barreto «Älem gözeli — 2026» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 75-nji gezek geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyryny bu ýyl Puerto-Rikonyň paýtagty San-Huan şäheri kabul etdi.
«Hola!» žurnalynyň habar bermegine görä, bäsleşigiň täjini almak ugrunda 116 gyz bäsleşdi.
Jennifer Barretonyň psihologiýa boýunça bakalawr derejesi, şeýle hem psihologiýa we sosial işler boýunça magistr derejesi bar. Ol 2021-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky Fort-Kawazos harby bazasynda işleýär we bu ýerde maşgala içindäki zorlukdan hem-de çagalara garşy sütemden ejir çekenlere kömek edýär. Mundan başga-da, Barreto harby gullukçylaryň maşgalalary bilen iş alyp barýar.

2025-nji ýylda «Älem gözeli» bäsleşiginde Meksikanyň wekili, 25 ýaşly Fatima Boş Fernandes ýeňiji bolupdy. Şol ýyl bäsleşige 120 ýurduň wekilleri gatnaşypdy.