Ispaniýanyň kenarynda yslam döwrüne degişli gadymy gämi tapyldy: Onuň ýüki alymlary geň galdyrdy

Düýn, 22:003,499
1 / 2

Ispaniýanyň Maýorka adasynyň kenarynda yslam döwrüne (902–1229-njy ýyllar) degişli bolmagy çak edilýän batan gämi tapyldy. Gäminiň içiniň agaç bölekleri we degirmen daşlaryndan, uly keramiki gaplardan hem-de köp sanly sugun şahlaryndan ybarat ýüki abat saklanyp galypdyr. Bu barada Arkeonews neşiri habar berýär.

Şu ýylyň iýulynda ýerli ýaşaýjylaryň biri deňziň düýbündäki agaç bölekleriniň üstünden barypdyr. Şondan soň hünärmenler iki gezek suwasty barlag geçiripdirler. Tapylan keramiki gaplara we beýleki zatlara esaslanýan arheologlar gäminiň ýaşyny adada yslam hökümdarlygynyň dowam eden döwri bilen baglanyşdyrýarlar.

Gäminiň gabarasynyň gowy saklanyp galmagy, alymlara, takmynan, müň ýyl mundan ozal gämi gurluşygynyň nähili bolandygyny öwrenmäge mümkinçilik berer. Tapylan ýükler bolsa, Maýorka bilen Ortaýer deňziniň beýleki sebitleriniň arasyndaky haryt alyş-çalşygy barada maglumat almaga ýardam edip biler.

Häzirki wagtda hünärmenler gäminiň anyk ýaşyny, tapylan zatlaryň gelip çykyşyny we onuň haýsy ugur boýunça ýüzüp barandygyny anyklamaga synanyşýarlar. Tapyndynyň ýerleşýän ýeri gizlin saklanýar. Galyndylaryň üstüni bolsa talaňçylardan we ýetip biläýjek zeperlerden ätiýaç edip, gaýtadan çäge bilen örtüpdirler.

Eger gäminiň yslam döwrüne degişlidigi tassyklansa, onda bu Balear adalarynda tapylan ilkinji şeýle gämi bolar. Şeýle-de ol yslam döwründe Ortaýer deňziniň günbatar böleginde deňiz söwdasynyň nähili alnyp barlandygyna has gowy düşünmäge kömek eder.