Fransiýada Google France-yň 1,9 milliard ýewrolyk emlägi Google-uň Russiýadaky golçur kompaniýasynyň — Google JÇJ-niň (jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet) talaby boýunça tussag edildi. Bu çäre Pariž şäheriniň kazyýetinde Moskwanyň Arbitraž kazyýetiniň kararyny ykrar etmek baradaky arza seredilmezden öň kabul edildi.
Google France kompaniýasyna Google-uň mahabat we beýleki birnäçe önüminiň esasy üpjünçisi bolan Google Ireland Limited kompaniýasynyň öňündäki 1,9 milliard ýewro möçberindäki emläklerini we maliýe borçnamalaryny tussag etmek barada görkezme berildi.
Russiýadaky golçur kompaniýa 1,9 milliard ýewronyň özüne gaýtarylmagyny talap edýär. Russiýanyň kazyýetiniň kararyna görä, bu serişdeler 2018-nji ýylda gaýtadan satmak baradaky ylalaşygyň çäklerinde girdejileri paýlaşmagyň düzgüniniň üýtgedilmegi netijesinde bikanun alnyp galynypdyr. Russiýanyň kazyýetleri şondan soň Google JÇJ-niň umumy girdejidäki paýynyň, takmynan, 10 esse azalandygyny we serişdeleriň başga ýere geçirilmegi bilen kompaniýanyň çökendigini belleýärler.
Emlägiň tussag edilmegi kazyýetde işe düýpli seredilýänçä Google toparyna girýän beýleki kompaniýalara degişli talap hukuklarynyň geçirilmeginiň öňüni almak maksady bilen amala aşyryldy.
Google JÇJ-niň aklawçysy Wilýam Žýuliniň aýtmagyna görä, bu iş diňe bir täjirçilik dawalary bilen çäklenmeýär-de, eýsem halkara korporasiýalaryň öz golçur kompaniýalarynyň hereketleri üçin nähili jogapkärçilik çekmelidigi baradaky meseläni hem gozgaýar.
Google France we Google Ireland Limited kompaniýalary emlägi tussag etmek baradaky karara şikaýat edip bilerler. Russiýanyň Google JÇJ-siniň talaplary kanagatlandyrylan ýagdaýynda bolsa, tussag edilen emlägiň hasabyna degişli tölegler geçirilip bilner.