YouTube ABŞ-nyň müňlerçe mekdep etraby bilen ylalaşygy tamamlaýar. Oňa laýyklykda, wideohyzmat, takmynan, 3 milliard dollar tölär. Bu barada Bloomberg öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Talap arzalary YouTube-yň mekdep okuwçylarynyň arasynda baglylygy ösdürýändigi we olaryň psihiki saglygyna ýaramaz täsir edýändigi baradaky aýyplamalar bilen baglanyşyklydyr. Ylalaşygyň çäklerinde hyzmat ýetginjekler üçin goşmaça gorag çärelerini hem girizmeli bolar.
Ylalaşyklaryň resmileşdirilmegi birnäçe aý dowam eder we mekdep etraplarynyň — ABŞ-nyň döwlet mekdeplerini dolandyrýan administratiw birlikleriň köpüsiniň tassyklamagyny talap eder. Google we şikaýatçylaryň aklawçylary ylalaşygyň şertleri barada düşündiriş bermekden ýüz öwürdiler.
Soňky bäş ýylyň dowamynda mekdepler, fiziki şahslar we ştatlaryň baş prokurorlary YouTube, Meta, Snap we TikTok ýaly sosial torlara garşy 10 müňden gowrak talap arzasyny berdiler. Şikaýatçylar çäksiz habarlaryň we awtomatiki wideolaryň çagalarda baglylyk, depressiýa we howsala döredýändigini, mekdepleriň bolsa olara psihiki taýdan goldaw bermek üçin goşmaça çykdajylary etmäge mejbur bolýandygyny öňe sürýärler.
Awgust aýynda Meta eýýäm ABŞ-nyň ähli ştatlary bilen diýen ýaly ylalaşyk baglaşyp, 17 milliard dollar tölemek we ýetginjekleriň tomaşa ediş wagtyny günde iki sagat bilen çäklendirmek barada ylalaşdy.