Brukliniň Federal etrap kazyýeti Hytaýyň Huawei telekommunikasiýa kompaniýasyny 12 aýyplamanyň 10-usynda, şol sanda söwda syrlaryny ogurlamakda we ABŞ-nyň sanksiýalaryny bozmak üçin dildüwşük etmekde günäli tapdy diýip, The New York Times gazeti habar berýär.
Kazyýet işi 11 hepde dowam etdi, ýene bir hepde töweregi oturdaşlar hökümi maslahatlaşdylar. Prokurorlaryň sözlerine görä, Huawei-iň ýolbaşçylary işgärleri amerikan we beýleki kompaniýalardan intellektual eýeçiligi almaga höweslendiripdir.
Zyýan çekenleriň arasynda T-Mobile we Cisco kompaniýalarynyň ady geçýär. Prokurorlaryň pikirine görä, ogurlanan tehnologiýalar kompaniýa meňzeş önümleri döretmäge we olary has arzan bahadan satmaga mümkinçilik beripdir.
Kazyýet oturdaşlary bolsa kompaniýany jenaýatçylykly işi amala aşymak üçin dildüwşük edendigi baradaky aýyplama boýunça bigünä tapdy. Şeýle hem olar kazyýetiň adalatly karar çykarmagyna päsgel bermek maksady bilen dildüwşük edilendigi baradaky aýyplamany ýatyrdylar. Huawei-iň aklawçysy kompaniýanyň çykarylan hökümi şikaýat etjekdigini aýtdy.
Huawei kazyýetiň kararyny esassyz diýip atlandyrdy we zerur kanuny çäreleri görjekdigini yglan etdi.