Ilon Mask ABŞ-daky her bir çaga SpaceX-iň iki paýnamasyny — birini kompaniýadan, birini bolsa öz şahsy bukjasyndan berjekdigini yglan etdi. Bu barada telekeçi X sosial media platformasynda ýazdy.
Maskyň sözlerine görä, SpaceX-iň paýnamasy 2026-njy ýylyň dekabrynda, onuň şahsy paýnamasy bolsa paýnamalary satmaga çäklendirme möhleti (lock-up) tamamlanandan soň, 2027-nji ýylyň iýunynda gowşurylar.
Mundan bir gün öň, SpaceX kompaniýasy hereket edýän her bir «Tramp hasabyna» täze çykaryljak A synply adaty paýnamalarynyň birini sowgat berjekdigini mälim etdi. Ilon Mask hem kompaniýanyň sowgat berjek paýnamalarynyň sanyna deň mukdardaky paýnamany öz şahsy gaznasyndan goşjakdygyny aýtdy.
«Tramp hasaplary» — bu ABŞ-da 18 ýaşdan kiçi çagalar üçin niýetlenen maýa goýum hasaplarydyr. Olary ene-atalar, iş berijiler we haýyr-sahawat guramalary dolduryp biler. 2025–2028-nji ýyllar aralygynda doglan çagalar üçin döwlet tarapyndan başlangyç hökmünde 1 000 dollar goýum göz öňünde tutulýar. Maksat çagalaryň geljekde peýdalanyp biljek uzak möhletli süýşürintgilerini döretmekden ybarat.
Oktýabr aýynda Mask ABŞ-daky her bir çaga bir sany SpaceX paýnamasyny sowgat berjekdigini wada beripdi. ABŞ-nyň Ilat ýazuwy býurosynyň maglumatlaryna görä, ýurtda, takmynan, 72 million çaga bar. Şu san we SpaceX paýnamalarynyň häzirki bahasy nazara alnanda, Maskyň başlangyjynyň umumy bahasy 18 milliard dollara ýetýär diýip, Axios neşiri habar berýär.
Reuters agentliginiň maglumatyna görä, Maskyň baýlygy, takmynan, 824 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar. 2026-njy ýylyň iýul aýyndaky maglumatlara görä, onuň eýeçiliginde SpaceX kompaniýasynyň 6,42 milliard töweregi paýnamasy bardy.