Aşgabatda 4-nji dekabrda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

Düýn, 15:503,102

2026-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler.

Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin hem-de Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde guralýar.

Çäre Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda, sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.

Onuň dowamynda özlerindäki boş iş orunlaryny ilata paýtagtyň çäginde hereket edýän kärhanalar, guramalar, edaralar we hususy telekeçiler hödürlär.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň ýany bilen şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, bar bolan ýagdaýynda zähmet depderçesini hem-de hünärini tassyklaýan resminamasyny getirmegi zerurdyr.

Goşmaça maglumat almak üçin 39-34-56 we 22-74-07 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.