Bäherden etrabynda täze tikin fabrigi gurlar

Düýn, 23:11485

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze tikin fabrigini gurmak meýilleşdirilýär. Taslamany durmuşa geçirmek baradaky teklip 27-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan makullanyldy.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Taslama görülýän taýýarlygyň barşy barada wise-premýer Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi. Ol ýurtda dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmagyň dowam edýändigini hem-de olaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça çäreleriň görülýändigini belledi. Bu bolsa içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň giň görnüşini öndürmäge mümkinçilik berer.

Bäherden etrabynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze fabrik döwrebap enjamlar bilen üpjün ediler. Şeýle hem kärhanada giň görnüşli dokma önümleriniň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Hasabaty diňläp, Serdar Berdimuhamedow wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.