26-njy noýabrda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýewiň Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkleriň we garyndaş jemgyýetleriň işleri baradaky müdirliginiň (YTB) başlygy Abdulhadi Turus bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy habar berýär.
Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym, sport hem-de ýaşlar syýasaty boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
Söhbetdeşler ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselesine ünsi çekip, bu babatda özara düşünişmegiň ýokary derejesini hem-de hyzmatdaşlygyň oňyn depginini nygtady.
Duşuşykda iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen bilim maksatnamalaryny we akademiki alyş-çalyşlary durmuşa geçirmäge, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berildi.