35 atly «Garagumuň ýalkymyna» ýetdi

Şu gün, 15:471,740

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli guralan «Amul — Hazar» atly ýörişine gatnaşýan 35 atly Lebap we Mary welaýatlaryndan jemi 570 kilometrlik menzili aşyp, Daşoguz welaýatyna ýetdi.

Ýurduň ähli welaýatlaryna, Aşgabat we Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän atlylar demirgazyk sebitiň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Garagumuň ýalkymy» meýdançasynyň 9-njy düşelgesinde uly dabara bilen garşylanyldy.

Dabara welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, il sylagly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdy. Sahnada welaýatyň sungat ussatlary häzirki döwri, ahalteke bedewlerini wasp edýän aýdym-sazlary, türkmen halk döredijiliginden toý aýdymlaryny we meşhur dessanlardan parçalary ýerine ýetirdi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda milli atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegi we ahalteke bedewleriniň tohum arassalygynyň saklanmagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler barada gürrüň edip, ýurt ýolbaşçylarynyň adyna alkyş sözlerini aýtdy.

Daşoguz welaýatynyň çäginden degişli aralygy geçen 35 atly täze menzile tarap ugur aldy.