25-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýgulyýewiň Katar Döwletine iş saparynyň çäklerinde bu ýurduň Baş gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Ahmed bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň gümrük gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Taraplar iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, öňdebaryjy sanly çözgütleri we halkara tejribäni ornaşdyrmak, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek hem-de söwda amallarynyň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmen tarapy milli gümrük gullugynyň işiniň halkara standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýandygy, gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we gümrük amallaryny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň görülýändigi barada gürrüň berdi.
Ikitaraplaýyn gepleşiklerden soňra Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda gümrük ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
26-njy noýabrda wekiliýet Hamad adyndaky Halkara howa menziline hem-de Hamad Halkara deňiz portuna baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.