Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi sürüş şertlerine baglylykda daşky tegeleginiň ýogynlygyny awtomatik usulda üýtgetmäge ukyply bolan innowasion rul üçin patent arzasyny tabşyrdy.
«Awtomir» neşiriniň habar bermegine görä, bu tehnologiýa ýokary tizlikde awtoulagy dolandyrmagyň takyklygyny ýokarlandyrmaga we gündelik şäher şertlerinde ulanylanda goşmaça amatlylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ulgamyň işi deri örtüginiň aşagynda gizlenen pýezoelektrik elementlerine ýa-da ýörite pnewmatik kameralara esaslanýar. Awtoulagyň elektronikasy tizligi, tigirleriň öwrülme burçuny we sürüş režimini yzygiderli seljerip, rul tegeleginiň görnüşiniň üýtgemegine buýruk berýär.

Ýaryş ýodasynda hereket etmek üçin sport režimi işjeňleşdirilende ruluň tegelegi inçe we gaty bolýar, bu bolsa sürüjiniň ýoly has gowy duýmagyny we ugra takyk gözegçiligi üpjün edýär. Amatly sürüş ýagdaýynda ýa-da awtoduralga ýerleşilende ruluň tegelegi «çişip», has ýogyn we ýumşak bolýar. Bu hem uzak syýahatlarda eliň ýadamazlygyna we gündelik dolandyryşyň has ýakymly bolmagyna mümkinçilik berýär.
Patent resminamalarynda kompaniýanyň wekilleri bu işläp taýýarlamanyň «sürüjiniň bedeniniň dowamyna» öwrülýän awtoulaglary döretmäge gönükdirilendigini belledi. Şeýle sazlanýan ruly ilkinji bolup haýsy modeliň aljakdygy barada resmi maglumatlar häzirlikçe ýok, ýöne bilermenler bu tehnologiýanyň brendiň öňdebaryjy elektromobillerinde ýa-da Porsche 911 sportkarynyň indiki neslinde peýda boljakdygyny çaklaýar.