Bentley täze Torcal krossoweriniň öňündäki üýtgeşik yşykly gözenegiň syryny açdy

Şu gün, 12:561,740
1 / 5

Bentley kompaniýasy özüniň ilkinji doly elektrik hereketlendirijili krossoweri bolan täze Torcal modeliniň öň böleginiň üýtgeşik taraplaryny mälim etdi. Awtoulagyň esasy aýratynlygy 76 sany kristal görnüşli bölekden düzülen, yşyklandyrylýan üç ölçegli öňki gözenekdir.

Onuň taslamasy taýýarlanylanda dizaýnerler, esasan, nusgawy Continental T modeliniň öňki gözeneginden ylham alypdyrlar.

Bezeg bölekleriniň her biri aýratynlykda elde taýýarlanylypdyr we oturdylypdyr. Bölekler aňyrsy görnüp duran gorag paneliniň arkasynda ýerleşdirilipdir. Olar üç ölçegli şekili emele getirip, yşygyň düşüşine görä daşky görnüşini üýtgedýär. Goşmaça täsirliligi metal jähek berýär: onda lazer bilen 260 müňden gowrak yş açylyp, yşyklandyryş üçin bolsa 202 sany ýagtylyk diody ulanylypdyr.

Alyjylara bezegiň iki görnüşi, şol sanda bezeg bölekleriniň üstünde metal örtükleri bolan Bright Pack görnüşi hödürlener.

Torcal modeliniň öňdäki çyralarynyň her birinde dört sany yşyklandyryş moduly ýerleşdiriler. Olaryň ikisi 16 müň piksel çözgütli Micro LED proýeksiýa ulgamydyr. Modullaryň ýokarkysy 40 gradus giňlige ýagtylyk şöhlesini ýaýradýar, aşakysy bolsa 20 graduslyk has inçe şöhläni emele getirýär. Galan iki modul ýakyn we uzak aralygy ýagtylandyrmak üçin niýetlenendir.

Ulgam ýoluň ýagdaýyna görä yşyklandyryşy awtomat sazlaýar. Bu bolsa sürüjä öwrümleri we ýoluň gyralaryny has gowy görmäge, şol bir wagtyň özünde beýleki ýol hereketine gatnaşyjylaryň gözüni gamaşdyrmazlyga ýardam edýär. Bentley kompaniýasynyň maglumatyna görä, bu çyralaryň ýagtylygy bir kilometre çenli aralygy görmäge mümkinçilik berýär.

Torcal modeliniň tanyşdyrylyşy sentýabr aýynda geçirildi. Bu krossower hemişelik magnitli sinhron hereketlendirijiler bilen işleýän iki sany elektromotor bilen enjamlaşdyryldy. Awtoulagyň S wersiýasynyň iň ýokary enjamlaşdyrylan nusgasynda olaryň umumy kuwwaty 888 at güýjüne, çekijiligi bolsa 1350 Nm deňdir. Torcal duran ýerinden sagatda 100 kilometre çenli tizligini bary-ýogy 2,9 sekuntda artdyrýar.