Hyundai we Kia kompaniýalary elektromobilleri tigirleriň küpjekleriniň üsti bilen awtomat zarýadlamaga mümkinçilik berýän ulgamy patentlemegiň ugruna çykdy.
Bu ulgam awtoulagy adam gatnaşmazdan zarýadlandyrmaga mümkinçilik berýär. Zarýad beriş stansiýasy tigriň küpjegindäki gapagy özi tapyp, ony towlap açýar we zarýad berijini dakýar. Ulgam işini tamamlanandan soň, gapagy öňki ýerine gaýtaryp goýýar.
Gapak tigir bilen bilelikde aýlanýandygy we her gezek dürli burçda saklanýandygy sebäpli, ýörite datçik onuň üstündäki degişli kertigi gözleýär. Soňra hereketlendiriji tutujy mehanizmi gerekli ugra öwrüp, şol kertige ştifti dakýar. Ondan soň mehanizm küpjekdäki hyrly birleşmeden gapagy towlap aýyrýar we gapdala süýşürýär.

Üçünji datçik zarýad beriji birikdirijini degişli ýere gönükdirýär. Birikdirijiniň ujy öňe süýşüp, ýörite çeňňek, ildirgiç ýa-da magnit arkaly berkidilýär. Zarýad beriş stansiýasy ulanylmaýan wagtynda tutujy mehanizmiň plastinasy birikdirijiniň ýerleşýän ýerini ýapýar. Awtoulagy zarýad beriş ulgamyndan aýyrmak işleri bolsa, munuň ters yzygiderliliginde ýerine ýetirilýär.
Taslamany taýýarlan hünärmenleriň pikiriçe, zarýad beriji birikdirijisini awtoulagyň her bir tigrinde – öň we yzky tigirlerde ýerleşdirmek bolar. Ol tigriň öwrüji mehanizminiň üsti bilen akkumulýator batareýasyna we onuň okunda oturdylýan üýtgeýän togy hemişelik toga öwürýän enjama birikdirilýär. Taslamanyň bir görnüşinde zarýad beriji birikdirijiniň dakylýan ýeri hereketsiz galyp, diňe onuň daşyndaky disk aýlanýar. Beýleki görnüşinde bolsa, bu bölek tigir bilen bilelikde aýlanýar.
Patent resminamasynda zarýad beriş kuwwaty we ulanylýan birikdirijiniň standarty barada hiç hili maglumat berilmeýär. Şeýle hem bu gurluşyň hereketlendiriji tigirlerdäki geçiriji wallar bilen nähili utgaşdyryljakdygy-da düşündirilmeýär. Munuň üstesine, ulgamyň ýollara sepilýän duza, buz örtügine, tormoz ulgamyndan çykýan tozana we ýollaryň gyra germewine degmek ýaly ýagdaýlara näderejede çydamly boljakdygy hakynda hem anyk maglumat ýok.