Google emeli aňyň kömegi bilen tomaşaçynyň özüni filmdäki gahrymanlaryň birine öwrüp, onuň üçin ýörite şahsy wideolary döredip biljek teleýaýlym ulgamyna patent arzasyny berdi diýip, The Verge habar berýär.
«Creating a Channel of Video Experiences Tailored to a User» («Ulanyja laýyklaşdyrylan wideo tejribeler ýaýlymyny döretmek») diýlip atlandyrylýan bu patent arzasy ABŞ-nyň Patent edarasy tarapyndan 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda çap edildi. Patent boýunça bilermeniň bu babatda eýýäm gutarnykly ret etmek kararyny çykarmagyna garamazdan, kompaniýa patent talaplarynyň beýanyny üýtgedip ýa-da bu karara şikaýat edip biler.
Resminama laýyklykda, telewizion goşundyda My Channel atly ýörite bölüm dörediler. Bu bölümde ulanyjynyň özüne laýyklaşdyrylan wideolary görkeziler. Ulgam, ilki bilen, ulanyjynyň tomaşa eden wideolarynyň taryhyny, onuň ulanýan enjamy baradaky maglumatlary, şol sanda IP salgysyny, interfeýsiň dilini we GPS koordinatlaryny, şeýle hem ýaşyna degişli maglumatlary seljerer. Soňra dil modeli şol maglumatlaryň esasynda täze wideo döretmek üçin ýörite görkezmäni taýýarlar.

Ulanyjy şeýle şahsy wideolary belli bir tertip boýunça alyp biler. Mysal üçin, olar hepdede bir gezek, aýda bir gezek ýa-da ýylda bir gezek döredilip bilner. Şeýle-de ulanyjy wideo taýýarlamak işini islän wagty özi başlatmaga mümkinçilik alar. Patentde mysal hökmünde jenaýatly wakalar, romantiki komediýalar, ylmy fantastika we söweş filmleri boýunça saýlanan wideolardan ybarat bolan şahsy John's Channel ýaýlymy görkezilýär.
Patentde beýan edilýän ssenarileriň birine görä, ulanyjynyň baş gahrymanyň keşbinde çykyş etjek filmi emeli aň tarapyndan dörediler. Şeýle-de ulgam ulanyjynyň suratlarynyň esasynda onuň sanly awataryny hem taýýarlap biler. Mundan başga-da, telewizora berlen sesli buýruklaryň ýazgylary ulanyjynyň sesini emeli görnüşde döretmek we filmde ulanmak üçin peýdalanylyp bilner.
Patentde Advertising Stitcher atly her bir şahsylaşdyrylan wideonyň başlanmagyndan öň azyndan bir mahabat bloguny ýerleşdirýän aýratyn modul hem göz öňünde tutulýar.
Ulanyjy öz şahsy maglumatlarynyň ýygnalmagyny çäklendirip hem biler. Emma şeýle ýagdaýda onuň wideolary şahsy aýratynlyklara az derejede laýyklaşdyrylandygy sebäpli, has umumy görnüşe eýe bolar.
Google-yň şeýle ulgamy haçan we nähili görnüşde işe girizjekdigi barada häzirlikçe hiç hili resmi maglumat ýok.