Aşgabatda emeli aňyň mümkinçilikleri we ony ornaşdyrmagyň ýollary maslahatlaşyldy

Şu gün, 18:03480
1 / 6

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde Aşgabatdaky «Iş Nokady» merkezinde «Synag taslamalaryndan strategik hyzmatdaşlyga tarap» ady bilen Emeli aň we innowasiýalar boýunça dialog — 2026 çäresini geçirdi.

Çäre emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan çözgütleri iş ýüzünde ulanmak, olaryň gerimini giňeltmek we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tejribe alyşmak maksady bilen döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň, halkara guramalaryň, tehnologiýa kompaniýalarynyň hem-de startap-jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemledi.

Maksatnamanyň çäginde startaplaryň sergisi we panel çekişmeleri guralyp, Merkezi Aziýanyň we beýleki sebitleriň ýurtlaryndan gelen gatnaşyjylar emeli aň çözgütlerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini, synag taslamalaryndan olary iş ýüzünde ulanmaga geçmegiň ýollaryny, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ornuny we startap ekoulgamynyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu ýerde wençur maliýeleşdirmesini çekmäge, innowasion infrastrukturany we kadrlar mümkinçiligini ösdürmäge, şeýle hem serhetüsti hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

«Emeli aňyň mümkinçiliklerini açmak üçin amaly çözgütleri ornaşdyrmaga we olaryň gerimini giňeltmäge şert döredip, döwlet edaralarynyň, işewürligiň we innowasion jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek möhümdir. Sebit hyzmatdaşlygy we bilim alyşmak bilermenlik tejribesini hem-de telekeçilik kuwwatyny birleşdirmäge kömek edip, innowasiýalary ykdysadyýeti ösdürmegiň we adamlaryň durmuşyny gowulandyrmagyň hakyky mümkinçiliklerine öwürýär» diýip, BMGÖM-üň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan belledi.

Geçirilen dialog döwlet edaralarynyň, tehnologiýa işewürliginiň, maýadarlaryň we innowasion jemgyýetçiligiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berip, milli ileri tutulýan ugurlara we Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda sanly özgertmeleri ilerletmek hem-de emeli aň ulgamynda milli mümkinçilikleri berkitmek üçin täze ýollary açdy.