29-njy noýabrda Çikagoda professional göreş ligasynyň RAF 15 ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakasy Olimpiýa çempiony we iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Henri Sehudonyň ýeňil agramda RAF-krossower titulyny goramagy boldy.
Amerikaly pälwan hytaýly Song Ýadongy 11:0 hasabynda möhletinden ir ýeňdi. Türgen üçin bu RAF-daky üçünji ýeňşi boldy, onuň hasabynda bir ýeňliş hem bar. Song Ýadong bolsa bu ligada ilkinji gezek çykyş etdi.
Sehudo düşegiň üstünde garşydaşyna ýekeje utuk hem almaga mümkinçilik bermedi, ýöne ozal, 2025-nji ýylda olar UFC-de duşuşypdy we şol duşuşyk başgaça tamamlandy. Sietldäki tutluşyk göze barmak dürtülenden soň togtadylyp, tehniki çözgüt bilen ýeňiş hytaýly söweşijä berlipdi.
Sehudo RAF-daky öňki tutluşygyny awgust aýynda geçirdi we şonda Merab Dwalişwilini ýeňip, çempionlyk guşagyny gazandy. Song bilen bolan tutluşyk onuň üçin titulyň ilkinji goragy boldy.
RAF 15 ýaryşynyň ikinji möhüm wakasynda russiýaly Arman Sarukýan orta agram derejesinde RAF-krossower titulyny gorady. Ol 45 sekuntyň içinde ýeňil agramda UFC-niň we WEC-niň öňki çempiony Entoni Pettisiň arkasyny ýere degirdi. Amerikaly türgen üçin bu tutluşyk RAF-daky ilkinji çykyşy boldy.
Tutluşykdan soň Sarukýan Sehudony göreşmäge çagyrdy.
«Şol oglanjygy bärik getiriňsene!» diýip, Arman aýtdy.
Sehudo onuň bilen duşuşmaga razy boldy:
«Eger agram boýunça ylalaşyp bilsek, geliň, bu tutluşygy guralyň».
Beýleki tutluşyklaryň netijeleri:
Kennedi Bleýds tehniki artykmaçlyk bilen Aleksis Gomesi ýeňdi — 12:0. Zenanlaryň arasynda orta agramda çempionlyk tutluşygy.
Real Wuds tehniki artykmaçlyk bilen Sebastýan Riwerany ýeňdi — 12:2. Ýarym ýeňil agramda çempionlyk tutluşygy.
Kodi Garbrendt tehniki artykmaçlyk bilen Serhio Pettisi ýeňdi — 11:0.
Roman Brawo-Ýang utuklar boýunça Mett Ramosy ýeňdi — 11:6.
Ahmed Usmanow utuklar boýunça Çens Marstelleri ýeňdi — 9:1.
Lukas Walente utuklar boýunça Kleý Guidany ýeňdi — 11:5.
Maýkl Kaliendo tehniki artykmaçlyk bilen Sesar Alwany ýeňdi — 11:0. Ýarym orta agramda erkin titul ugrundaky tutluşyk.
Geno Petriaşwili utuklar boýunça Ýonger Bastidany ýeňdi — 6:0.
Heýli Aujello utuklar boýunça Miranda Maweriki ýeňdi — 10:6.
Keýden Henşel tehniki artykmaçlyk bilen Konor Bibini ýeňdi — 15:4. Ýarym ýeňil agramda krossower-titul ugrundaky tutluşyk.
Denni Sabatello utuklar boýunça Jeýkob Şulsy ýeňdi — 12:4.