Volkswagen ýüzüň mikrohereketleri esasynda sessiz buýruklary tanap, ulagyň ýanyndaky adamy dem alşyndan, ýürek urşundan we ýöreýşinden anyklap biljek radar esasly ulgam üçin patent aldy.
Ulgamyň özeninde millimetr tolkunly we täsir ediş uzaklygy 10-100 metr aralyga ýetýän ultra giň zolakly radar bar. Adam gepleýän wagty dodaklary, äňi we kekirdegi hereket edýär, bu yrgyldylar serpigip gelýän signaly üýtgedýär. Şeýlelikde, algoritm bu üýtgeşmeleri seljerýär we adamyň berýän buýrugyny kesgitleýär.
Tehnologiýa sessiz işläp, ýeliň, şäher gowrunyň we ýaramaz howanyň täsirini azaldyp bilýär. Şeýle hem radar awtoulagyň eýesini gaýra adamlardan tapawutlandyrmak üçin, onuň dem alyş yzygiderliligini, ýürek urgusyny, ýöreýşini hem-de göwresini tutuşyny ýatda saklaýar we şol boýunça özündäki profiller bilen deňeşdirip bilýär.

Berlen buýrugy ýerine ýetirmek üçin ulgam birnäçe düzümi, şol sanda awtoulagyň ýerleşýän ýerini, wagty, howa şertlerini, ýol hereketiniň ýagdaýyny we öňki buýruklaryň taryhyny göz öňünde tutýar. Mümkin bolan funksiýalaryň hataryna bagaž bölümini açmak, kondisioneri işletmek we kürsüleri gyzdyrmak, benzin çeleginiň gapagyny açmak we käbir daşarky enjamlary, mysal üçin, akylly öý ulgamyny dolandyrmak girýär.
Awtokonsern bu tehnologiýany önümçilik modellerine ornaşdyrmak baradaky meýillerini heniz habar bermedi.