«Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezi 1-nji awgusta çenli ýapylar

21.07.2020, 02:2217,514

Aşgabat şäherindäki «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde («Optowoý») ýerleşýän egin-eşik, aýakgap, zergärçilik önümleri, elektronika dükanlary we kafeler 21-nji iýuldan 1-nji awgust aralygynda arassaçylyk işlerini geçirmek üçin ýapylar. Bu barada Arzuw News habar berýär.

Bellenilişi ýaly, söwda merkezinde diňe azyk harytlary dükanlary, şol sanda «Halk Market» we azyk we gündelik sarp ediş harytlaryny satýan beýleki dükanlar hereket eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.