Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy

09.10.2020, 02:5723,530

Türkmenistanyň Prezidenti Dowwaýewa Akjagül Baýmyradownany işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Degişli Karara Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda gol çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maýagözel Annageldiýewna Ýollyýewa Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jemal Sapardurdyýewna Nepesowa Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.